TÜRKMEN-GYRGYZ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY IKI DÖWLETIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEPLEŞIKLERINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Prezidentler Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy Kanunyň Gyrgyzystanyň mundan beýläk-de ösmeginde ygtybarly binýat boljakdygyny hem-de gyrgyz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň barha ösýändigini nygtady. Iki döwletiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesi bellenildi.

Taraplar sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Iki döwletiň abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy beýan edildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar ýene-de bir gezek dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza baýramy bilen birek-biregi gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.