SOŇKY HABARLAR
TABŞYRYKLAR WAGTYNDA ÝERINE ÝETIRILER
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar. 2 müňden gowrak adam işleýän fabrigiň...
TÜRKMENISTANYŇ WE FRANSIÝANYŇ IŞEWÜRLER BILELEŞIKLERI HYZMATDAŞLYK ÝOLUNDA
23-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen “MEDEF International”-yň (Fransiýanyň kärhanalar hereketi) Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gotýeniň (Philippe Gautier) onlýan duşuşygy geçirildi, onuň jemi boýunça Birleşme bilen “MEDEF International”-yň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürler birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiligini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AŞGABADYŇ 140 ÝYLLYK BAÝRAMYNA TAÝÝARLYK GÖRMEK HEM-DE ONY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary ...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir. Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. Gaz...
2021-NJI HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN «HAZAR DEŇZI SEBITINDE PANDEMIÝA DÖWRÜNDE ULAG WE SÖWDA GATNAŞYKLARYNYŇ DURNUKLYLYGY» TEMA BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» tema boýunça onlaýn görnüşinde çäre geçirildi. Çä...
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...