TABŞYRYKLAR WAGTYNDA ÝERINE ÝETIRILER

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar.

2 müňden gowrak adam işleýän fabrigiň halyçylary tabşyryklaryň ählisini takyk ýerine ýetirip, önümleri bellenilen möhletde iberýärler. Işgärleriniň 20-si «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» adyna mynasyp bolan  kärhana kärine ussat halyçylary, döredijilik gözlegleri, gözelligi, nepisligi, berkligi we milliligi bilen gözüňi dokundyrýan üýtgeşik nepis el halylaryny  taýýarlaýyşy bilen şöhrat gazanypdy. Kärine ýürekden berlen çeper elli halyçylar çykarylýan ýokary hilli önümleriň möçberini barha artdyrýarlar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda-da halaçly halyçylar önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak ugrunda zähmet çekýärler. Ýylyň başyndan bäri kärhanada 1,3 müň inedördül metr el halylary we haly önümleri dokaldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden has köpdür.

 

Berdimyrat JUMAÝEW