SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILDI: OKUW, IŞ, IŞEWÜRLIK ÜÇIN IT ONÜMLERI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar ulgamyny hem-de elektron senagatyny ösdürmäge itergi berdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu konsepsiýada öňde goýan maksatlary hem-de wezipeleri häzirki wagtda kiber ulgamlaryndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýan halk hojalyk toplumyny çalt depginde döwrebaplaşdyrmagy üpjün etmäge, pudaklaryň işgärler gorunyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEDENIÝET ULGAMYNY HEM-DE HABAR BERIŞ SERIŞDELERINI ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARYNY KESGITLEDI
Şu gun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňläp, 2021-nji ýylda, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, medeniýet ministri A.Şamyrado...
MALIÝE ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine ç...
SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEK ÜÇIN PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparyň ilkinji mejlisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak ulgamyny türkmen ykdysadyýetinde ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş...
TÜRKMENISTANYŇ BIRINJI SYNP OKUWÇYLARYNA TÄZE ÝYL MYNASYBETLI KOMPÝUTERLER GOWŞURYLDY
Şu gün paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi. Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär....
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ FRANSUZ DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA ELEKTRIK ENEGIÝANYŇ EKSPORT MÖÇBERINI ARTDYRMAGY DOWAM EDÝÄR
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky de...