TÜRKMENISTANDA «EMEL» SÖWDA BELGILI TÄZE ÖNÜM ÇYKARYLÝAR
Aşgabadyň bazarlarynda «SynToprak» HJ-nyň «EMEL» söwda belgisi bilen antiseptik, zyýansyzlandyryjy serişdeleri we atyrlary peýda boldy. Kompaniýa şu ýylyň oktýabrynda düzüminde 80% spirt bolan zyýansyzlandyryjy serişdeleri çykaryp başlady.
Kompaniýanyň täze önümi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sanitariýa we kesellere gözegçilik döwlet gullugy tarapyndan goldanyldy.
− Şu ýylyň martynda dostlarymyz bilen antiseptik, antibakterial serişdeler öndürýän firma döretdik – diýip Myrat Hojamyradow gürrüň berýär. Meniň hünärim himiýaçy-laborant, dostlarymyň biri – inžener-himiýaçy, beýlekisi – telekeçi. Sentýabrda biz dermanyň ilkinj tapgyryny çykardyk we oňa döwlet belgisini aldyk.
Biz haýyrly, elýeterli we arzan diýen ýörelgeden ugur aldyk. Gözledik, BSG-nyň edebiýatyny tapdyk, şonuň netijesinde hem firmamyzy döretdik.
Näme üçin «EMEL» -diýip at dakdyňyz?
− EL − ol-a türkmençe düşnükli, EM – olam «derman, haýyr» − diýmek. «EMEL» − ellere haýyrly derman bolsun diýildigi.
−Täsirli serişdeler ýasalýan sehiňiz nirede ýerleşýär?
− Sehimiz Aşgabatda, 11-nji etrapçada 200 inedördül meýdanda ýerleşýär, şeýle hem ammarymyz we laboratoriýamyz bar. Aýda 20 müň çüýşe antiseptik çykarýays, köprägem, meselem günde 1 tonna önümem çykaryp biljek. Türkiýede we Türkmensitanda öndürilen enjamlar şeýle möçberde önüm çykarmaga mümkinçilik berýär, emma gaplary almak meselesinde kynçylyk döreýänligi sebäpli biz häzirlikçe iş kuwwatlygymyzy doly özleşdirip bilmeýäris. Bize gerekli gaplar Hytaýda çykarylýar.
− Düzüminde antimikrob maddalar, meselem, netijeliligi we howpsuzlygy babatda spirtler bolan deri antiseptikleri has peýdaly hasaplanylýar. Çalt antimikrob täsirini gazanmak üçin spirt 60%-den pes bolmaly däl.
− Hawa, ýöne biziň önümimizde ol has kän –80%. Bu hem biziň utýan tarapymyz. BSG-nyň maslahatyna laýyklykda spirt hut şeýle möçberde bolmaly. Biz serişdämizi Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkezine barlaga berenimizde olar biziň antiseptigimiziň netijeliligine haýran galdylar. Serişdelerimiz eli 24 sagat goraýar. Spirtden başga-da, biz wodorod perekisini hem ulanýarys. Häzirki wagtda serişdelerimizi ulanmagyň çägini giňeltmek, ýagny ýanyklary bejermek boýunça synag işleri geçirilýär. Biz antiseptik serişdämize derini ýumşadýan glisirin we narpyz yslandyryjysyny goşýarys.
− Çig maly nireden alýarsyňyz?
− Spirt − ýurdumyzda öndürilýär. Ony birnäçe gezek filtrden geçirýäris. Galan serişdeleri Hytaýdan, Indoneziýadan, Wýetnamdan alýarys.
− Siz atyr hem çykarýan ekiniňiz?
− Hawa, biz bu önümçiligi hem özleşdirdik. Ol delleklere, şeýle hem öý melekelerine balyk, ýa-da sogan, sarymsak arassalanandan soň elini arassalamak üçin gerek. Zyýansyzlandyryjy serişdeler mikroblary öldürse-de, olaryň ysyny aýyrmaýar. Atyr hut şonuň üçin gerek. Häzirlikçe limon we lawanda ysly atyr çykarýarys. Geljekde ysly serişdeleriň görnüşini artdyrmagy göz öňünde tutýarys.
Aljylara amatly bolar ýaly serişdeleri kiçeňräk – 100 we 150 ml gaplarda çykarýarys. Şu günler dürli zatlaryň gaty üstüni arassalamak üçin spreý çykarmak üçin barlaglar geçirýäris. Ony has amatly – 500 ml gaplarda çykarmakçy.
Biziň antiseptiklerimiziň düzüminde hloryň ýokdugyny bellemekçi. Ol allergiýa döredýär, ýüregiňi bulaýar, ulanylanda ysy ýakymsyz, derini gyjyndyrýar. Bu serişde artykmaç bolanda ol saglyga ýaramaz täsir edýär. Biz wodorod perekisini ulanýarys, ol gowy netije berdi.
Kompaniýamyz geljekde saç düşmegine garşy şampun, duş üçin gel we beýleki serişdeleri çykarmagy göz öňünde tutýar. Biz halkymyz gowy hilli önümleri ulanar ýaly halkara ISO hil derejesini almagy gazanmakçy. Şeýle hem häzirki wagtda önümlerimizi Owganystana, Özbegistana ugratmak üçin olar bilen gepleşikler geçirýäris.
− Söhbetdeşligiňiz üçin sag boluň.