SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmak hem-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara syýasatynyň möhüm ugyrlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezide...
ASTRAHANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ONLAÝN-UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) goldamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) mugallymlary Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) talyplary üçin onlaýn-sapak geçdiler. Çaraniň başynda Türkmenistanyň Konsuly G.Garaýew, Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary A.Aýdyn, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B. Orazdurdyýewa we Astrahan döwlet uniwersitetiniň rekt...
ŞANLY SENÄNI ÖZBEGISTANLY DOSTLARYMYZ BILEN BILE BELLEÝÄRIS
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda BMG-nyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul etmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Daşkendiň ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistanda kowçum...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝANYŇ LUKMANÇYLYK TOPARLARYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi. Professor duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hem-de lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplanylan saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemişe goldaýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň maksada gönükdiril...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, ýurdumyz kanunçylyk – hukuk ulgamynda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylm...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar. Mejlisiň Başlygy türkmen parlamentiniň alyp barýan işlerine ünsi çekip, horma...
MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN
Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem-de Hindi...