RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Ol ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata dürli ugurlarda elektron görnüşinde hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda "Türkmenista...

DOWAMY
pic
28 Noý

SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA “TÜRKMENTEL — 2020” ATLY HALKARA MASLAHATY

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommuni...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselele...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR

2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy.  Şunuň bilen baglylykda...

DOWAMY
pic
27 Noý

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BALKAN WELAÝATYNYŇ BA METJIDINIŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy. Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan Gündogaryň gadymy siwilizasiýalar...

DOWAMY
pic
27 Noý

ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...

DOWAMY
pic
27 Noý

TÜRKMENISTAN MA-DA EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy...

DOWAMY