SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Mi...
BMG-NIŇ OWGANYSTANA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA MISSIÝASYNYŇ (UNAMA) BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar bu Missiýanyň döredilen senesinden bäri Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolup durý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI PARAHATÇYLYKLY OWGANARA DIALOGYNA GATNAŞYJYLAR BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bi...
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARY — WIRTUAL SERGIDE
Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, «Wirtual sergi» taslamasynyň durmuşa g...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit koksyny, özbegistanly işewürler polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, tri...
TÜRKMEN MANADY — MILLI YKDYSADYÝETIMIZI BERKITMEGIŇ WAJYP GURALY
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýyl...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany...