img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BIRŽA TÄZELIKLERI

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit koksyny, özbegistanly işewürler polietilen satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, trikotaž matalary, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 344 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri 22 million 328 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.