SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda, onuň düzümi bölekleýin täzelenildi.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe minist...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULY NESLLERINE HEM-DE HALKYNA
Hormatly ýaşulular! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTYNYŇ ARASYNDA IŞ MEÝILNAMASYNA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagm...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINIŇ NETIJELERI BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti bu guramanyň Hemişelik Geňeşiniň agzalaryny 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy. ÝHHG agza-döwletleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudakla...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY NOBATDAKY DUŞUŞYK
Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan — Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistan hormatly Pr...