RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Okt

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, yşyk kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýu...

DOWAMY
pic
6 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞDÄKI NOBATDAKY DUŞUŞYK

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belläp, iki ýurduň k...

DOWAMY
pic
6 Okt

DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýu...

DOWAMY
pic
5 Okt

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF...

DOWAMY
pic
5 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Şu gün wideomaslahat görnüşinde ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy. Bu iş maslahaty maslahat beriş häsiýetli bolup, ýakynda, 30-njy sentýabrda DIM-de ÝUNESKO-nyň Baş sekretary h...

DOWAMY
pic
5 Okt

DÖWLET BAŞTUTANYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABY HYTAÝ DILINDE NEŞIR EDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurtlaryň köpüsiniň ylym jewgyýetiniň we jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri türkmen halkynyň baý ruhy-taryhy mirasy barada gürrüň berýän we siwilizasiýanyň ösüşine goşan saldamly goşandyna şaýatlyk edýän bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge i...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanper...

DOWAMY