SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus işewürliginiň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygta...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW NGIZT-DE TÄZE DESGALARYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giň görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürýän d...
FRANSIÝANYŇ ITŞYNASLYK JEMGYÝETI «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» HALKARA ASSOSIASIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR
Türkmenistanyň Päriždäki içisi Şöhrat Jumaýew diplomatik wekilhananyň jaýynda Fransiýanyň Itşynaslyk merkezi jemgyýetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Andre Warlet we bölümiň işgäri Mari Şimýon bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýasy bilen Fransiýanyň Itşynaslyk merkezi jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy jenap Warlete Assosiasiýanyň işi, şeýle hem alabaý tohum itlerini s...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fransua Delaus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň ö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hi...
OWGANYSTAN - TÜRKMENISTAN - AZERBAÝJAN UGRY BOÝUNÇA ÝÜK DAŞAMAGYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üç taraplaýyn onlaýn-duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar. Duşuşygyň gün tertibine ulag-logistika işlerini amatlaşdyrmak, oňa gatnşyjylaryň ählisine deň derejeli ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça ýükleri daşa...