SOŇKY HABARLAR
PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKÜNÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRYLDY
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy. 4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek ge...
MILLETIŇ RUHY DÜNÝÄSI — WATANYMYZYŇ BAKYLYK BINÝADY
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, dö...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýal...
ÇAGALARYŇ “GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI” BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI KONSERTI
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy. Ýurdumyzyň ýaş ýerine ýetirijileriniň arasynda her ýyl geçirilýän aýdym-sazly bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, köp ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köp sanl...
TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine wideomejlis aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Vialex FZE» kompaniýasy b...
ZEHINLI ÇAGALARYŇ «GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI» BÄSLEŞIGINE GATNAŞYJYLARA
Mähriban çagalar! Eziz körpeler! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşýandygyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigi biziň buýsanjymyz, arzuw-umydymyz, ýagty ertirimiz bolan bagtyýar nesillerimiziň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösd...