SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Bireleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Polietilen (Türkmengaz DK) Russiýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriň esasyny düzdi....
Paýtagtymyzyň kärhanasynda bir gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtüklerini öndürýän enjam işe girizilmäge taýýarlanylýar
Aşgabadyň lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini çykarýan kärhanasynda bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerini çykarýan awtomatik enjamyň sazlaýyş-işe goýberiş işleri tamamlanyp barýar. Dem alyş agzalaryny goraýan serişdäni taýýarlamak üçin ýurdumyzda öndürilýän dokalmaýan sapnbond materialy ulanylar. Kärhanada oturdylan doly awtomatik usulda işleýän enjamda minutda ýüze golaý önüm çykarylar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary-da dem alyş agzalaryny gor...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN WIDEODUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreiesus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreiesus maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy üçi...
Türkmenistanyň Prezidenti Liwan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan et...
Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty
?Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär. Žurnalyň sahypalarynda esas...
TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI TELEFON SÖHBETDEŞLIGINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler. Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem...