RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Awg

Nakgaş Walentin Kudrýaşowyň ýagty ýadygärligine: žiwopis manzarlarynyň syry

Birnäçe ýyl mundan ozal men Walentin Kudrýaşowyň işleriniň sergisine tötänden düşdüm. Şol wagt nakgaşyň döredijiligine belet däldim, diňe onuň plakat žanrynda çekilen, zümerret ýaşyl reňki we kompozisiýasynyň möçberliligi bilen haýran eden «Saglyk ýoly» triptihini görüpdim. Aşgabatlylaryň işjeň dynç alýan meşhur ýeriniň şeýle çekilişiniň özi üýtgeşikdi, ýöne Saglyk ýoluna ýeke gezek baran adam Köpetdagyň eteginiň şahyrana manzarlarynyň şu kysmy beýan edilişi bilen ylalaşsa gerek. Sergi bilen...

DOWAMY
pic
5 Awg

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimer...

DOWAMY
pic
5 Awg

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimer...

DOWAMY
pic
4 Awg

«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir halkymyzyň ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri we açyşlar baradaky makalalaryň toplumyny çap etmegi dowam edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýyl häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan milli medeni we taryhy gymmatlyklara täzeçe baha bermä...

DOWAMY
pic
4 Awg

Ýurdumyzyň demirgazygyk sebitinde kartoşka geçen ýyldakyndan köp ýygnaldy

Daşoguz welaýatynda kartoşka ýygymy tamamlanyp barýar. Şu güne çenli 55 müň 400 tonnadan gowrak önüm ýygnaldy, munuň özi geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekarançylary döwet tabşyrygyny amal etdiler. Bu ýerde 2 müň 100 gektar meýdandan 29 müň 400 tonna golaý hasyl alyndy, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür. 770 gektar ýere kartoşka eken N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ekarançylary umumy üstünlige saldamly goşant goşdylar. Her gektardan ortaça 140 sen...

DOWAMY
pic
2 Awg

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

Ynsan saglygyny berkitmek adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul...

DOWAMY
pic
2 Awg

Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar....

DOWAMY