SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa...
Giriş möwsümi 2020: bilim almaga giň mümkinçilikler
2020-nji ýylyň giriş möwsümi başlandy, şu ýyl onuň birnäçe aýratynlyklary bar. Onuň möhüm aýratynlygy – ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär mekdepleriniň teklip edýän hünärleriniň sany has-da artdy, bu bolsa ýurduň ösüşiniň innowasion ugruny, bilim ulgamyndaky döwrebaplaşdyrmak we diwersikasiýalaşdyrmak işlerini aýdyň görkezýär, çünki adamyň intellektual ösüşine maýa goýumy – döwletiň we jemgyýetiň depginli ösüşine maýa goýmakdyr. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty taýýarl...
Oba senagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir
BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda, şol sanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamada öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hem...
Ýokanç keseliň öňüni almakdaky umumy ýagdaý we Türkmenistanyň tejribesi baradaky brifing
Şu gün ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasy bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýiti ýokanç keseliň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça häzirki ýagdaýyň syny meselesi boýunça brifing geçirdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyk etmek hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY BILEN GURBAN BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň M...