SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi. Halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary hakynda gürrüň berýän ozalky makalamyzda şu güne çenli Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur düzümiň we şe...
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
MÖHÜM MARKETING: «TÄÇ HIL» SÖWDA NYŞANLY SANITAÝZERLER
?Täç hil» hususy kärhanasy antibakterial serişdeleriň we zyýansyzlandyryjy erginleriň (sanitaýzerleriň), şol sanda üzärlik tohumynyň esasynda ýasalan şeýle serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Häzirki günlerde arassaçylyk-zyýansyzlandyryjy serişdeleriň wajyplygyny göz öňünde tutup, biz «Täç hil» kärhanasynyň öndürýän önüminiň şu görnüşiniň düzümi bilen gyzyklandyk. «Täç hil» HK-nyň marketing boýunça menejeri Säher Aşyrowyň aýtmagyna görä, şeýle serişdeleriň düzüminde spirt we gliserin ba...
EKSPORTA GÖNÜKDIRME WE TELEKEÇILIK ŞEREKETI: MÄŞ ÖNÜMÇILIGI
Dänekösükli ekinleri ýetişdirýän hojalyklarda ekiş möwsümi tamamlandy. Şu ýyl ekarançylar ilkinji gezek 12 müň gektar ýere mäş (mungo kösügini) ekdiler. Bu geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdür. Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda şonça meýdandan azyndan 10 müň tonna mäş almak göz öňünde tutulýar. Hasylyň aglaba bölegi (9 müň tonna golaýy) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler. Mäş Hindistandan dünýä ýaýran iň gadymy kösükli ekin hasaplanylýar. Ýaşyl k...
AŞGABATDA BSG WE ÝUNISEF- IŇ KHBS-RI ÜÇIN PANDEMIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI BOÝUNÇA NETIJELI MAGLUMAT ALYŞ-ÇALŞYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA BILELIKDÄKI BRIFINGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...
METBUGAT-RELIZI
2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän maglumat beýan edilýär. Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidromet...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni we ECO-93 awtobenzini («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan reňklenen tüýjümek önümleri, nah...