RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

Täze şäherleriň we obalaryň gurluşygy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşanydyr

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlaryň birini eýeleýän gurluşyk ulga...

DOWAMY
pic
13 Iýul

Gadymy ýörelgeleriň döwrap keşbi

Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanansynyň täze binasy ulanmaga berilmäge taýýarlanylýar, bu ýerde ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar, önümiň belli bir bölegi eksporta niýetlener. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gurlan, 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesinden soň dikeldilen ilkinji desgalaryň biriniň ýerindäki döredijilik-önümçilik meýdançasyny paýtagtymyzyň gurluşykçylary bina etdiler. Paýtagtymyzyň halyçylyk kärhanasynyň taryhy geçen asyryň...

DOWAMY
pic
13 Iýul

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldyla...

DOWAMY
pic
13 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Az...

DOWAMY
pic
12 Iýul

Ahal-teke bedewlerine bagyşlanan webinar

Türkmenistanyň Fransiýadaky we Awstriýadaky Ilçihanalary Fransiýanyň ahal-teke atçylygy assosiasiýasynyň hem-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýardam bermeginde «Ahal-teke bedewleriniň asyrlar we müňýyllyklar aşan şöhrady» temasyndan Halkara webinar guradylar. Ýurdumyzyň Pariždäki hem-de Wenadaky diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlýan-çärä Fransiýanyň we Awstriýanyň dürli pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, Ýewropa ýurtlarynyň birnäçes...

DOWAMY
pic
12 Iýul

Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat: Zeňňi baba köli

Ýol dannamaýam ulag Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň takyrlaryndan, gum depelerinden aşyp gidip barýar, ýene bir depeden öteňsoň jöwza ümüzinde Zeňňibaba baýrynyň etegindäki mawy köller bu jelegaýlara aýagy düşenleri haýran edýär. Biz olaryň taryhy seljermesine ýa-da arheologik ähmiýetine syn bermezden, onuň häzirki gününiň gürrüňini etmekçi. Adam eliniň gudraty bilen 1000 ýyl töweregi mundan ozal guran Amyderýanyň bu goluna çöli janlandyrýan tenekar suw ýene geldi. Millionlarça kub metr suw kenarý...

DOWAMY
pic
12 Iýul

Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek...

DOWAMY