SOŇKY HABARLAR
Watansöýüjilik we edermenlik mekdebi: «Milli goşun» žurnalynda gahrymanlaryň edermenligine baky hormat
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usulyýet neşiri ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy esasynda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň çäklerinde ýetilen sepgitleri hem-de üstünlikleri beýan etmegi öz içine alýar. Žur...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILKINJI PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nursultan Nazarbaýewi 80 ýaş toýy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler Türkme...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ BILERMENLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyş bolmak hem-de olara syn bermek maksady bilen Türkmenistana geldi....
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Ýöriteleşdirilen neşirde -- nebitgaz pudagynyň ösüş ugurlarynyň beýany
?Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» ady bilen makalalar ýygyndysyny taýýarladylar. Ýyllyk neşiriň täze sanynda pudaklaýyn YBI-nyň işgärleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary düzüminiň, şeýle konserniň hünärmenleriniň işleri çap edilipdir. Alty topara bölünen makalalar geologiýa, geofizika we gidrogeologiýa, nebit we gaz guýylaryny burawlamak, gazly hem-de gazkondensatly känleri...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň parlamentariýleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň wekiliçiliginde türkmen-rumyn we rumyn-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň Başlyklary, şeýle-de iki ýurduň deputatlary wekiliýetleriň düzümine girizildi. Tar...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet be...