RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Iýun

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.  Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralar...

DOWAMY
19 Iýun

AŞGABATDA «KORONARIWUS ÝOKANJYNYŇ PANDEMIÝASYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA HÄZIRKI ÝAGDAÝLARA SYN» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ý...

DOWAMY
19 Iýun

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz salymdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýolugra şähergurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki zaman «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de bu ýerde bina edilýän...

DOWAMY
18 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunda, obasenagat toplumynyň...

DOWAMY
18 Iýun

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply türkmen dokma önümleri

17-nji iýunda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy. Söwda toplumlarynyň açylyş dabaralaryna köp sanly myhmanlar, şol sanda hormatly ýaşulular we ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdylar. Täze dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri al...

DOWAMY
18 Iýun

«TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlis geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Daşary işler we beýleki edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.    Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullu...

DOWAMY
17 Iýun

Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny dynç almak üçin iň amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky köl «Alty...

DOWAMY