RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Iýun

Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary

Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine, ýerlerde...

DOWAMY
17 Iýun

WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTAN BILEN ABU-DABI ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de...

DOWAMY
17 Iýun

Resul Gylyjowyň täze taslamasy: ertekiniň sungat dilindäki beýany we saz fantaziýalary

14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Disneý. Fantaziýa» konsertini berdi. Döredijilik toparynyň terjimehalyna ýene bir şanly sahypa ýazan konserte gelen adamlardan ýaňa zalda ýer ýokdy, ol nusgawy sazlaryň muşdaklaryna şekilli sazlar dünýäsine syýahatdan uly lezzet berdi. Resul Gylyjowy täze konserti taýýarlamaga ruhlandyran Uolt Disneýiň «Fantaziýa» atly doly metražly multfilmi öz döwri üçin batyrg...

DOWAMY
16 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...

DOWAMY
16 Iýun

TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bell...

DOWAMY
16 Iýun

CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...

DOWAMY
16 Iýun

Daşoguzda spanbonddan lukmançylyk ýektaýlaryny çykarmak özleşdirildi

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini çykarýan kärhanasynda dokalmaýan matanyň täze görnüşinden bir gezek ulanylýan lukmançylyk ýektaýlarynyň önümçiligi özleşdirildi. Işgärler üçin ýörite eşigiň şu görnüşini taýýarlamakda has berk, gigroskopik we gipoallergen, şeýle hem zeper ýetmegine we howanyň täsirine durnukly spanbond ulanylýar. Onuň hili bu dokalmaýan materialy bir gezek ulanylýan lukmançylyk eşiklerini, şeýle hem şahsy goragly beýleki lukmançylyk serişdelerini öndürmekde peý...

DOWAMY