RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Iýun

Atajan Taganyň «Keseki» romanynyň fransuz neşiriniň jiltiniň dizaýny ses bermek arkaly kesgitlener

Aşgabatdaky işi medeni ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen Fransiýa institutynda «Keseki» taryhy romanyny fransuz dilinde neşir etmäge taýýarlygyň çäklerinde çäre geçirildi. Eseriň awtory, tanymal ýazyjy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Tagan çäräniň hormatly myhmany boldy. Geçen ýyl bu kitabyň daşynyň dizaýnyna türkmen nakgaşlarynyň arasynda bäsleşik yglan edilipdi. Oňa 14 iş teklip edildi. Medeni merkeze gelýänleriň ählisi şol eserler bilen tanyşdylar, olaryň...

DOWAMY
16 Iýun

Ýaş esgerleriň kasam kabul ediş dabarasy boldy

Şu gün türkmen paýtagtynda, Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada 2019-njy ýylyň güýzki çagyrylyşynda harby gullyga çagyrylan Watan goragçylarynyň kasam kabul ediş dabarasy boldy. Başlangyç harby we ynsanperwer taýýarlyk geçilenden soň harby kasamy kabul etmek – her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakadyr. Dabaranyň ýurduň Esasy kanunynyň hatyrasyna gurlan binanyň öňündäki meýdançada geçirilmeginiň hem simwoliki manysy bar. Ýaş esgerleri watanperwerlik ruhunda terbiýelem...

DOWAMY
15 Iýun

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy we kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlenen esasy meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ugurlary, öňdäki wezipeleri kesgitlemek meseleleri bar. Maslahatyň dowamynda wise-premýer E....

DOWAMY
15 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti “Altyn köl” dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady. Ilatyň ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen nobatdaky desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösen şyp...

DOWAMY
15 Iýun

DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýt...

DOWAMY
15 Iýun

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň...

DOWAMY
14 Iýun

Ýaş nesilleriň türkmen ylmyna goşýan goşandyna ýokary baha berildi

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi Watanymyzyň ylmynyň ösdürilmegine, türkmen al...

DOWAMY