SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandy, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşa...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyma
Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeld...
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ahal-teke bedewleriniň waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Olaryň awtorlary atyň türkmeniň durmuşyndaky ähmiýeti barada şahyrana pikir ýöredýärler. Ahal-teke bedewleri milli sungatda erkinligiň, hyjuwyň, gaýratyň we gözelligiň metaforasy bolup çykyş edýär. «Asman» atlarynyň asylly ädim urşuna we nepis hereketlerine söýünçli bakman durup bolmaýar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» atly suratyn...
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçyl...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usull...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Ata Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn uly üstünlikleri gazanýar. Garaşsyz döwletimizde atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak, gadymdan gelýän nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyn...
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara...