RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we ahalteke atl...

DOWAMY
pic
25 Apr

Atçylyk pudagynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglar we hormatly...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY
pic
24 Apr

Daşoguz atçylyk sport toplumyndan halypa çapyksuwar gymmatly baýraga mynasyp boldy

Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşyň ýeňijisine gymmatly baýrak – awtomobil gowşuryldy. Täçmyrat Dowulbaýew we onuň gara dor aty Perhat Daşoguz atçylyk sport toplumyndandyr. Çapyksuwaryň başarjaň, oýlanşykly...

DOWAMY
pic
24 Apr

LEBAP WELAÝATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary o...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNYŇ DÜZÜMINE SAÝLANYLDY

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapyndan döwlet serhedindäki gümruk gözegçiligini gurnamagy kämilleşdirmek boýunça BGG-ň öňdebaryjy tejribesini ö...

DOWAMY