SOŇKY HABARLAR
Atçylyk pudagynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglar we hormatly...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...
Daşoguz atçylyk sport toplumyndan halypa çapyksuwar gymmatly baýraga mynasyp boldy
Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşyň ýeňijisine gymmatly baýrak – awtomobil gowşuryldy. Täçmyrat Dowulbaýew we onuň gara dor aty Perhat Daşoguz atçylyk sport toplumyndandyr. Çapyksuwaryň başarjaň, oýlanşykly...
LEBAP WELAÝATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary o...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNYŇ DÜZÜMINE SAÝLANYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň...
TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapyndan döwlet serhedindäki gümruk gözegçiligini gurnamagy kämilleşdirmek boýunça BGG-ň öňdebaryjy tejribesini ö...
TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA SÖWDA MERKEZINIŇ (HSM) WEKILLERI BILELIKDÄKI TASLAMANY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Halkara Söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Se...