SOŇKY HABARLAR
Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi
Şu gün, dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Halkyň saglygyny döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunl...
Aşgabatda Golliwudyň filmerine iň gowy sazlar ýaňlanar: Resul Gylyjowyň täze taslamasy
?Golliwud Aşgabatda» diýen syrly bildiriş paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konsertiniň premýerasyna sanlyja gün galdy, onda «Garri Poter», «Ýyldyzlar urşy», «Titanik», «Şindleriň sanawy» we ş.m. meşhur kinofilmeleriň 12-sine ýazylan sazlar ýaňlanar. Şu günler repetisiýalar gidýär, olaryň birinden soň biz ussat dirižýor Resul Gylyjow bilen söhbetdeş bolduk. -Wagty bilen kinofilmlere sazlar özbaşdak eser bolup galýar...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz wela...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri, maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, maýa goýum taslamalaryny amal...
Türkmenistan şöhratly ahalteke bedewleriniň baýramyna taýýarlanýar
Türkmen bedewiniň milli baýramy barha ýakynlaşýar. Ýurdumyzda sergileri, maslahatlary, bäsleşikleri we at çapyşyklaryny öz içine alýan behişdi bedewlere bagyşlanan köpugurly çärelere badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry...
Türkmenistan sebit ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşandyny artdyrýar
Şu gün «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň barşynda Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynyň meseleleri hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň bel...
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň çäklerinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, «Тürkmendeňizderýaýollary» we «Тürkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Koreý wekiliýetine Günorta Koreý...