RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Apr

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: ekologiýa abadançylygyny nazarlaýan hyzmatdaşlyk

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdelerini net...

DOWAMY
pic
17 Apr

Intellektual eýeçilik ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

Şu gün Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrliklerin...

DOWAMY
pic
17 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi. Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR», «ТА...

DOWAMY
pic
16 Apr

Konstitusion toparyň ýanyndaky Iş toparynyň maslahaty

Şu gün Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, alymlar, şeýle...

DOWAMY
pic
16 Apr

WECOOP “ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI” TASLAMASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYLARY BILEN WIDEO KONFERENSIÝA

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen  wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Suw dolandyryş döwlet komitetiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
16 Apr

ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.  Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...

DOWAMY