SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler el halylaryny satyn aldyla...
Resmi habar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk tassyklanyldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beri...
Ýüzärlik : nähoşlukda netijeli serişdedir
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler. Mysal üçin, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti ýüzärlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar. Döwlet...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny d...
Resmi habarlar
?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senag...
«Uzynada» nebitgazly ýatagyny özleşdirmekde innowasion çözgütler ulanylýar
?Türkmennebit» Döwlet konserni 9000 metre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek üçin enjamlary satyn almaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Pudagyň hünärmenleri ilkinji gezek Hazaryň kenarynda, nebitgazly Barsagelmez ýatagyndan takmynan 35 kilometr günortada ýerleşýän Uzyanda ýatagynda has çuň guýyny burawlamagy göz öňünde tutýarlar. Çaklamalara görä, gyzyl reňkli çökündili dag magdanly gatlaklarda nebitiň iri ýatagy jemlenen. Bu ýatakda baryp 1972-nji ýylda 4213 metr çuňlukda ilkinji geolog...