SOŇKY HABARLAR
Seýsmiki ýagdaýa dunukly gurluşyk YBI täze binasyna göçer
Bekrewe ýaşaýyş jaýlar toplumynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň golaýynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze binasy gurulýar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Кämil ymarat» hususy kärhanasy bilen taslamany durmuşa geçirmäge şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda SÝDGYBI-nyň edara we laboratoriýa jaýlary bina edilýär. Binany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 12 müň inedördül metrd...
Türkmenistan we BMG uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrlar
2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň abadançylygy baradaky alada giň möçberli oňyn özgertmeler syýasatynyň başyny başlaýjy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Şol özgertmeleriň üstünlikli durmu...
Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň ýagty ýadygärligine: durmuşyň metaforaly beýany
Şekillendiriş sungaty muzeýinde üýtgeşik zehinli nakgaş Sülgün Hojagulyýwanyň sergisi açyldy, diri gezip ýörenliginde şu ýyl onuň 70 ýaşy dolardy. Ol aramyzda giden bolsa-da, onuň özboluşly ajaýyp işleri galdy, olarda nakgaşyň köňlüniň bir bölegi bar, duýgylary möwç urýar, bu zehinli hem hoşamaý zenanyň oý-pikirleri beýanyny tapdy... Sergi onuň ýanýoldaşy Türkmenistanyň halk nakgaşy Annaguly Hojagulyýewiň Sülgüne bagyşlan suraty bilen açylýar. Žiwopisçi aýalynyň portretini onuň baý döredijili...
Röwşen Nepesowyň orkestri: zenanlara söýgi bilen
?Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy boldy. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsert goşgular bilen açyldy. Aleksandr Puşkiniň, Bella Ahmadullinanyň we beýleki görnükli şahyrlaryň şirin zyban goşgularyny artistler Tatýana Öwezmyradowa bilen Igor Annagyllyjow labyzly okadylar. Röwşen Nepesowyň «Zenanlara söýgi bilen» atly eserinde Bahram Dolyýewiň skripkada solo ýerine ýetirmeginde çuň manyly we mähirl...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bilelikdäki beýannamasy
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk — Taraplar): ýokary derejede ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda gepleşikleri geçirip, özara gyzyklanma bildirilýän häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyp, meseleleriň giň toplumy boýunça öz...