SOŇKY HABARLAR
Telekeçiligi goldamak — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde çykyş edip, hususy bölegiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredile...
DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabada baryp, sebitiň dolandyryş merkeziniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary bilen söhbetdeş bolup, sebitleri...
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bäşim Nurala bagyşlanan sergi açyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bäşim Nuralynyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp milli žiwopis mekdebiniň ilkinji wekili bolan bu nakgaşyň işleriniň, şeýle hem onuň döredijiliginiň dürli tapgyrlary barada gürrüň berýän resminamalaryň, ussadyň döreden saz gurallarynyň sergisi açyldy. Serginiň bölümleriniň biri türkmen žiwopisçileriniň we heýkeltaraşlarynyň öz eserlerinde Bäşim Nuralynyň keşbini döreden işleri bilen tanyşdyrýar. Sergide milli medeniýetde öçmez yz galdyran bu üýtgeşik zeh...
«Söýgi hakda...»: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
Şenbe güni agşam nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň konserti üstünlikli geçdi. Aşyklaryň ählisi golaýda keramatly Walentin Gününi belläpdiler, elbetde, bu konsertem aşyk-magşuklara bagyşlandy. Şol sebäplem konsertiň her çykyşynda şahyrana duýgylar möwç urýardy... «Irde-giçde aşyk bolan bolsaňyz, diýmek konsert siziň üçindir» - konserti alyp baryjy aktýorlar Wasiliý Andronowyň we Anuş Potaragyň şahyrana girişi, ine, ş...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlete dahylsyz ulgamy golda...
TÜRKMENISTANDA AÝALLARYŇ SAGLYGY WE MAŞGALADAKY ÝAGDAÝY BOÝUNÇA SYNYŇ GEÇIRILMEGI
2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler minis...