SOŇKY HABARLAR
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy...
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
Türkmenistan — Germaniýa: ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Saglygy goraýyş ulgamynda giňelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen ýokary derejeli hünärmenleriň nobatdaky topary Aşgabatda iş saparynda bolýarlar. Iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmek we özleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenip, onuň amala aşyrylmagyna nemes lukmanlary hem uly goşant goşýarlar. Ençeme ýyllaryň dowamynda GFR-den bolan professorl...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...
BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...