img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işe...

DOWAMY
pic
20 Ýan

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

?Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Täze saýtyň baý mazmuna...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Nakgaşyň hem halypanyň hakyky zehini we awangard döredijiligi

...Zenan maşgala, edähedine görä, konspekt ýazyp otyr, stol üstündäki «çigildemşekil» çyra onuň iş ýerini ýagtyldyp, mugallymanyň dykgatly ýüzüne röwüş çaýýar. Bir top depder, kitaplar, sowap giden çaýly bulgur, äýnek gaby ýaly iş otagy üçin adaty, ýöne nakgaşyň duýgylarydyr fantaziýasynyň narynç-malina-ametist reňkler bilen birleşdirilen zatlary Enä bagyşlanan impressionistik suratyň üýtgeşik ýordumynda jemlenipdir... Geçen ýylyň ahyrynda men Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň işleriniň sergisine ba...

DOWAMY
pic
19 Ýan

TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) BAE-den WTL (FZE) we ABŞ-dan Westport Trading Europe Limited kompaniýalar konsorsiumy haýal kokslama enjamyny (HKE) oturtmaga girişdi. HKE-niň gurluşygyny tamamlamaga bäsleşigiň ýeňijisi, baş potratçy – ABŞ-nyň kompaniýasy – türkmen nebit-gaz pudagynda gowy tanalýan kompaniýadyr. Ol ýylda 37,2 müň tonna ýokary hilli ýol bitumyny öndürýän enjamy işe girizipdi we Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli benzin alma...

DOWAMY
pic
19 Ýan

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» atly dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümk...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer «T...

DOWAMY
pic
17 Ýan

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasat derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň başyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna...

DOWAMY