SOŇKY HABARLAR
Dermatologiýa boýunça hünärmen Aksel Hauşilde Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi
Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi. Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda lukmançylygyň birnäçe ugur...
Adam hakyndaky alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy. Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhü...
Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy
Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary öz gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar. Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerin...
Çagalar - biziň geljegimiz!
Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy. Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi. TDH agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlana...
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda he...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle giň gerimli çärelere taýýarlyk görmek işlerine hut özi gözegçilik edýär. Munuň özi köp bab...