img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Birža täzelikleri

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 418 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 1 million 123 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 201 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.