SOŇKY HABARLAR
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen haly sungatynyň ÝuNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp, žiwopis işleriniň we arheologiýa artefaktlarynyň sergisi açyldy. Tematiki sergi amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biriniň taryhyna ser salmaga mümkinçilik berýän raritetler kolleksiýasy bilen açylýar. Ol bürünç eýýamyna degişli we Goňurdepeden tapylan patyşa guburynyň diwarlaryndaky dekorly panelleriň bölekleridir. Gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä,...
TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingiň barşynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy” we “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem boldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda AHHG-na başlyklyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýagny, Gaznanyň saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Aral deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmeklige gönü...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar bermek bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Wat...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary hem-de beýlekiler ýygnandylar. Döwlet Baştutanymyz, ilki bil...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Türkmen paýtagty Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Köpöwüşginli bezegler şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilgählerini hem-de seýil baglaryny tanalmaz derejede özgertdi. Hemme ýerde, konsert meýdançalarynda we açyk asmanyň asty...
«Ýigit» kompaniýasy halkara sergisiniň diplomyna we kubogyna mynasyp boldy
Golaýda Türkmenistandan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti Moskwada geçirilen «Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019» 4-nji maýa goýum forumynda-sergisinde «GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş» ugrundan diploma we kuboga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» HJ-niň sergä hödürlän ekologiýa taýdan arassa önümlerine çärä gatnaşan 20 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan we GDA ýurtlaryndan iri ýyladyşhana toplumlarynyň hem-de...
Sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol s...