SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
Aşgabatda nobatdaky ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Irden owadan şarlar bilen bezelen täze jaýlaryň ýanynda uly türkmen toýuna mahsus ýagdaý döredildi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda şäheriň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri,...
Kuwwatly ykdysadyýet — gülläp ösýän ýurt
Türkmenistanyň ösüşiniň esasy meýillerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny beýan edýän «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky jemleýji sany geçip barýan ýylyň deslapky netijelerini jemledi. Şeýle hem žurnal ýurdumyzyň ykdysady wezipelerini çözmäge ýardam etmek maksady bilen, maliýe, salgyt-býujet, pul-karz syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça ylmy syn makalalaryny, dünýäd...
Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze obanyň gurulmagy «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň ýo...
Ýyladyşhana klasteri: netijeliligiň algoritmi
Daşoguz welaýatynyň telekeçileri demirgazyk sebitiň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Muňa şu ýylyň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Olar senagat we oba hojalyk ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga maýa serişdelerini goýdylar, durmuş ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli ähmiýetli binalar guruldy. Olar ýetip gelýän 2020-nji ýyly hem täze telekeçilik başlangyçlary bilen garşylaýarlar. Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşm...
TÜRKIÝÄNIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda türk diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orna eýedigini nygtady, çünki...