SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen weki...
DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ WE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumatlaryň ýygnalmagy we ýaýradylmagy boýunça teklip edilýän platformanyň deslapky görnüşiniň görkezilmegi maksady bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaçylary, BMG-niň agentlikleriniň we düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhan...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” ATLY KITABYŇ HINDI DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi dilindäki tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar. 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda, ýagny Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bu resmi däl görnüşdäki duşuşygy geçirmeklik ylalaşyldy.
«Täjibaý» meýdançasynda ilkinji onlarça million kub metr gaz çykaryldy
Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» atly täze gaz käni senagat taýdan işlenilmäge girizildi. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy altyn» çykarmaga başladylar. Ilkinji gazly guýydan onlarça million kub metr gymmatly çig mal alyndy. Gaz guýysynyň önümliligi bir gije-gündizde 450 müň kubmetrden gowrak çig mal çykarmaga ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde barlag guýylarynyň ýene üçüsi gazylýar. «Täjibaý» täze gaz käni 20 ýyldan gowrak mundan ozal ulanmaga berlen «Malaý» ir...
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girma Temesgen Barkessadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuw...
GAZAGYSTANDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-19-njy dekabrynda Almaty şäherinde “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamynda innowasion ýollar we çözgütler hem-de olary Merkezi Aziýanyň şertlerinde ulanmak mümkinçiligi” atly sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahatda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň 150-den gowrak bilermenleri ýygnandylar we onuň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň, suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň ygtyýarly wekilleri, alymlar, bilermenler, halkara mal...