SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY A.WITORINO BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň merkezi edara binasynda, bu guramanyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, adam söwdas...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA NOBATDAKY YNSANPERWER KÖMEGINI BERDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde b...
BOSGUNLAR BOÝUNÇA BIRINJI GLOBAL FORUMYNYŇ IŞINE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGYNYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilýän Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň işine gatnaşýar. Foruma dünýäniň döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem-de hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Ženewada geçirilýän Forumyň açylyş dabarasynyň b...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek he...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem...
MAÖADSM-NIŇ BINASYNDA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ SUW WE ENERGETIKA SERIŞDELERINI REJELI ULLANMAK IŞI ÜÇIN TÄZE TEHNOLOGIÝALARY WE INNOWASIÝALARY ULLANMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Merkezi Aziýa uçin Öňüni alyş Diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we energetika serişdelerini rejeli ullanmak işi üçin täze tehnologiýalary we innowasiýalary ullanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň maksady suw we energetia hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary barada çuňlaşdyrylan maglumatlary bermek, şeýle hem maksatlaýyn iş toparynyň maksatnamasynyň ýagdaýyny, iş...
Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara...