SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek he...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem...
MAÖADSM-NIŇ BINASYNDA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ SUW WE ENERGETIKA SERIŞDELERINI REJELI ULLANMAK IŞI ÜÇIN TÄZE TEHNOLOGIÝALARY WE INNOWASIÝALARY ULLANMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Merkezi Aziýa uçin Öňüni alyş Diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we energetika serişdelerini rejeli ullanmak işi üçin täze tehnologiýalary we innowasiýalary ullanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň maksady suw we energetia hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary barada çuňlaşdyrylan maglumatlary bermek, şeýle hem maksatlaýyn iş toparynyň maksatnamasynyň ýagdaýyny, iş...
Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara...
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
?Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi. Bu dabara hemmeleriň söýüp garaşýan baýramçylygyna galan wagtyň azalýandygyny äşgär etdi. Dabarany guraýjylar «Älemiň» öňündäki meýdançany gündogar ertekilerine çalymdaş ýurduň ke...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ KOMMUNISTIK PARTIÝASYNYŇ MERKEZI KOMITETINIŇ DAŞARY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKSMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammad Ahmadi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurdy bolan Eýran Yslam Respublika...