SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-nyň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Soňra, taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde edilen işler bar...
TÜRKMENISTANDA “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2020-2024-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň...
LITWA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Egidiýus Nawikas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özle...
TÜRKMENISTANDA ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝADAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasyndan gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Bu resminama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen kabul edildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, hususan-da, BMG-niň Tü...
AHAL WELAÝATYNDA HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi hem-de Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän Ak Bugdaý muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili, şeýle hem Ahal wela...
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky Sebit merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry-8-nji dekabry aralygynda badminton, küşt we futzal boýunça ýaryşlar geçirildi. 30-njy noýabrda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-n...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, mali...