RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti birža söwdalaryny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de şu wezipeler bilen baglanyşykly çäreler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewiň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, dürli pudak edaralarynyň hem-de döwlete degişli dä...

DOWAMY
pic
12 Dek

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komend bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bilelikdäki işiň çäklerinde Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup duran, a...

DOWAMY
pic
11 Dek

ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGY BABATDA IŞLENIP DÜZÜLJEK INDIKI ÄDIMLERE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy babatda işlenip düzüljek indiki ädimlere bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Duşuşygyň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkme...

DOWAMY
pic
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 24-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolba...

DOWAMY
pic
11 Dek

ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHATLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi. Bu maslahatlara ýurdumyzda işleýän käbir diplomatik missiýalarynyň, konsullyk edaralaynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hakimlikleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň welaýatlardaky wekil...

DOWAMY
pic
11 Dek

ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ TASSYKLANYLMAGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen Mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýada...

DOWAMY
pic
10 Dek

«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy

Medeni miras ähli döwürlerde nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edip, milletiň ruhy taýdan ösüşini kemala getirip, onuň taryhy hakydasynyň kepili bolup çykyş edýär. Türkmenistanda döwlet derejesinde halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetine degişli ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamak we öwrenmek işine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň...

DOWAMY