SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE HZG: ÝAKYN GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär. Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň şanly 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk gör...
Türkmenistanyň DIM-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we hünärmenleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara mesel...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MALAÝZIÝANYŇ YKDYSADY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşin...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny...
TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada pikir alyşdylar. Halka...