SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň «Häzirki zaman lukmançylygynyň derwaýys meseleleri» atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň gazananlarynyň hem-de türkmen-halkynyň medeni mirasynyň tanyşdyryş sergisi guraldy.
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndak...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE SINDZO ABE TÜRKMEN-ÝAPON ÖZARAHEREKETLERINIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda «Аkasaka» Köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy geçirildi. Ýokary derejeli myhmany mähirli garşylap, ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Tokio gelmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Sindzo Abe Prezi...
TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda, günüň birinji ýarymynda Tokio şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen duşuşdy. Jenap Oşima ýokary derejeli myhmany mähirli garşylamak bilen, Türkmenistanyň baştutany bilen duşuşmak onuň üçin uly hormat bolandygyny belledi. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeliligi hem-de ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI RAÝATSYZLYK BOÝUNÇA SEMINARDA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan guralan raýatsyzlyk babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça okuw maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi netijesinde 2...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON IŞEWÜRLERI BILEN ERTIRLIK NAHARYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde geçirildi. Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçil...