img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, GAZAGYSTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇTARAPLAÝYN RESMINAMA GOL ÇEKDILER

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Daşary işler ministri R.Meredow, gazak tarapyndan - Daşary işler ministri M.Tleuberdi, özbek tarapyndan - Daşary işler ministri A.Kamilow tarapyndan gol çekildi....

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-GYRGYZ IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, Ý...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: ÖZARAHEREKETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...

DOWAMY
pic
10 Okt

«Saýatly-Hemra» dessany esasynda opera oýny goýuldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri sahna sungatynyň muşdaklaryna «Saýatly-Hemra» dessanynyň äheňinde Aman Agajykow bilen Nurygandym Hojamuhammedowyň döreden «Saýathan» operasyny peşgeş berdiler. Librettonyň awtorlary Alty Garlyýew we Atamyrat Atabaýew. Bu göwrümli eseriň premýerasynyň 2016-njy ýyylyň 26-njy iýunynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilendigini ýatlap geçýä...

DOWAMY
pic
10 Okt

Sergeý Lawrow: döwlet Baştutanlary GDA-ny berkitmäge gönükdirilen strategik çözgütleri kabul ederler

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşysy Sergeý Lawrow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edende: « Biz daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris» - diýdi. -Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren örän wajyp resminamasyny sazlaşdyrmak işini tamamladyk. Men şunda GDA döwletleriniň arasynda daşary syýasat ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşd...

DOWAMY
pic
10 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy. Duşuşygyň öň ýanynda iki döwletiň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler. Goňşy ýurtlaryň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, köpugurly döwletara gatnaşyklary g...

DOWAMY
pic
10 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygy boldy. Duşuşygyň öň ýanynda iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin azerbaýjan kärdeşin...

DOWAMY