SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň duşuşygy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Igor Dodon türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini ka...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman milli Liderimize GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda häzirki ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady we ynsanperwer gatna...
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Ol 11-nji oktýabrda meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açy...
AŞGABATDA GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Ra...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 70-nji sessiýasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň MHG-nyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we r...
TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-täjik gatnaşyklaryna degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm itergi berýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetliligi bel...