img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Okt

100 ýyl mundan ozal Amyderýa jülgesinde ilkinji kitaphana açyldy

1919-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenabatda (şol wagt şähere Çarjuý diýilýärdi) edebiýaty halaýanlar üçin ilkinji kitaphana gapysyny açypdy. Şol wagt kitaphanada 5,5 müňden sähel gowrak kitap bardy. Edebiýatyň dünýägaraýşy kemala getirmekde, milliligiň dowatlygynda uly ähmiýeti bardyr. Şu jähtden Türkmenabadyň kitaphanalar ulgamy, tutuş ýurtda bolşy ýaly, soňky ýyllarda güýçli depginde ösdürilýär, onuň mady-tehniki binýady berkidilýär, döwrebap usulýet işläp taýýarlamalary we sanly te...

DOWAMY
pic
3 Okt

Ýurdumyzyň gündogarynda ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň dolandyryş merkezinde täze jaýlar tapgyrynyň gurluşygyna girişildi. Ýaşaýyş jaý toplumynda hersi 8 maşgala niýetlenen 2 gatly kerpiç jaýlar bolar. Taslamany «Lebapgurluşyk» birleşiginiň 16-njy gurluşyk-gurnama müdirligi durmuşa geçirýär. Täze jaýlar tapgyry ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmekde döwrebap talaplara laýyklykda bina edilýär, olarda oňaýly we ekologýa taýdan arassa gurluşyk hem-de bezeg materiallary ulanylýar, giň otaglary oýlanşykly ýerle...

DOWAMY
pic
3 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe pudaklary ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmagyň möhüm ugurlaryna garamak, amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, elektroenergetika senagatynyň, jemagat hojalygynyň işlerini kämilleşdirmek we senagat toplumynyň önümçilik düzümine täze...

DOWAMY
pic
2 Okt

Saza bagyşlanýar: nusgawy eserler we ýbörelgeler

Halkara saz güni bolan 1-nji oktýabrda her ýurtda, her şäherde Onuň Alyhezreti Saza bagyşlanma-konsertler geçirilýär, bu jadyly sungat üçin üçin serhet-de ýok, oňa düşünmek üçin dilem gerek däl, ol diňleýjileriň aňyna we ýüregine täsir edip, dünýäni has gözel, sypaýy, köpgyraňly edýär. Şol gün Aşgabatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalyna döredijilik ýokary mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň ýerine ýetirmeginde meşhur kompozitorlaryň eserlerini diňlemek üçin saz muşdaklary ýygna...

DOWAMY
pic
2 Okt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalara tarap ugrady. Döwl...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty - London şäherine iş sapary bilen bardylar. Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salamlar ýetirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Sekretar...

DOWAMY