Ýurdumyzyň gündogarynda ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

photo

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň dolandyryş merkezinde täze jaýlar tapgyrynyň gurluşygyna girişildi. Ýaşaýyş jaý toplumynda hersi 8 maşgala niýetlenen 2 gatly kerpiç jaýlar bolar. Taslamany «Lebapgurluşyk» birleşiginiň 16-njy gurluşyk-gurnama müdirligi durmuşa geçirýär.

Täze jaýlar tapgyry ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmekde döwrebap talaplara laýyklykda bina edilýär, olarda oňaýly we ekologýa taýdan arassa gurluşyk hem-de bezeg materiallary ulanylýar, giň otaglary oýlanşykly ýerleşen, mellek, aragatnaşygyň we telewideniýäniň döwrebap görnüşleriniň elýeterliligi, elektrik, gaz, suw, ýyladyş, şeýle hem howany ýelejiretmek ulgamlary göz öňünde tutulan.

2019-2025-nji ýyllarda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde tutuş sebitde ýaşaýyş jaýlary bina edilýär, Saýat, Halaç, Kerki we Çärjew etraplarynda bolsa döwrebap şäherçeler gurulýar. Welaýat dolandyryş merkezi Türkmenabatda 2 müňden gowrak maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 2-sini döretmek boýunça taslama güýçli depginde durmuşa geçirilýär.