RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň do...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMÇYLYGY BAE-DE HEM BELLENILDI

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokar...

DOWAMY
pic
27 Sen

Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar

Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlik...

DOWAMY
pic
27 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň yglan edilen güni türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan bimöçber söýgini alamatlandyrýan milli baýram bolup durýar. Taryhyň dowamynda...

DOWAMY
pic
27 Sen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandyg...

DOWAMY
pic
26 Sen

Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy. Garaşsyzlyk güni — biziň Baş baýramymyz özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdim...

DOWAMY
pic
26 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpotty kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar Beýik Britaniýanyň ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary mundan...

DOWAMY