SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutany seýilgäh zolaklaryny guramaga döwrebap çemeleşmegiň möhümligini belledi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwle...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna
Hormatly ýaşulular! Eziz watandaşlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda uly orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz mähriban halkymyzy döredijilikli işlere galkyndyrýan, belent maksatlara jebisleşdirýän şanly seneleri hem-de baýramlary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarys. Milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleý...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şeýle hem käbir beýleki meseleler bilen bagly wezipeler girizildi. Ilki...
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç etdi. Bu ýerde milli Liderimiz bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy. Horma...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-nyň özara gatnaşyklaryn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINSITRI BILEN OMANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ DUŞUŞYGY
BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Hususan-da, taraplar nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa bilen duşuşdy. Bahreýn Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalarynyň wajyplygyny aýratyn belledi. Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan...