SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA «KOREÝ MEDENIÝETINIŇ HEPDELIGI» GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çäräniň açylyş dabarasynda parahatçylygy hem-de dostlugy, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda we özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklaryň we döredijilik mirasynyň derwaýyslygy bellenildi. Soňra g...
TÜRKMEN TÜRGENLERI HALKARA ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄRLER
27-nji awgustdan 7-nji sentýabry aralygynda Çungju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda dünýäniň 100 döwletinden 4 müňden gowrak türgen hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndy topary gatnaşdy. Şeýlelikde, “Jiu-Jitsu” boýunça ýaryşda biziň ildeşlerimiz üç gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Weronika Rus 63 kg agram derejesinde we Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň 3-n...
Medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
Gadyrly «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri! Hormatly dabara gatnaşyjylar! Sizi hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýen abraýly baýraga we hormatly atlara eýe bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin! Gadyrly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri! Berk...
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA VIII TÜRKMEN-GERMAN FORUMYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Aşgabatda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy öz işine başlady. Ol geçirilip gelýän ýyllarynda iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde guralýar. Şu duşu...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA BSG-KY HYZMATDAŞLYGYNYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA GEÇIREN DUŞUŞYKLARY
2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde guraldy. Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş ma...
NUR-SOLTANDA DOGLUŞYŇ BELLIGE ALYNMAGYNYŇ WE RAÝATSYZLYGYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA SEBITLEÝIN MASLAHATY
2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine...